Soňky 100 Ýylda Türkiýe Sebitleýin we Global Derejede Güýçli Pozisiýa Eýeleýär

Soňky 100 Ýylda Türkiýe Sebitleýin we Global Derejede Güýçli Pozisiýa Eýeleýär

Gruziýanyň hökümetiniň beren beýannamasyna görä Garibaşwili Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 100 ýylllygy mynasybetli Türkiýäniň Tibilisi şäherindäki İlçihanasynda berilen bankede gatnaşdy.

Garibaşwili ol ýerde sözlän sözünde, Türkiýäniň döwrebap ýurtlardan biridigini beýan edip; “Döredilen gününden bäri bu beýik ýurt we millet döwrebap, senagatlaşan we galkynan ýurt bolmak ugrunda ençeme kynçylyklary başdan geçirdi” diýdi.

Türkiýäniň sebitleýin we global derejede esasy ýurtlardan biridine ünsi çeken Garibaşwili; “Soňky 100 ýylyň dowamynda Türkiýe hem sebitleýin hem-de global dereede esay syýasy we ykdysady güýçlerinden birine öwrüldi” diýdi.

Irakli Garibaşwili Türkiýe bilen Gruziýanyň Aziýa bilen Ýewropany birikdirýän energetika we infrastruktura taslamalarynyň iş ýüzüne geçirilmeginde ýakyn hyzmatdaşlyk edýandigni nygtap; “Esasanda hem sebitleýin hem-de global derejede bar bolan aladalandyryjy howpsuzlyk şertleri göz öňünde tutanymyzda hyzmatdaşlygymyzyň diňe bir özara ykdysady gazançlar taýdan däl, şol bir wagtda-da sebitimizde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegi taýdan hem deňsizdigini beýan etmek iňňän möhümdir” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň jahankeşdelik pudagy girdejisini artdyrdy
Gruziýa jahankeşdeligi ösdürmäge bäş ýylda milliard lari goýbermekçi
Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Prezident Erdogan Gurziýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň senesi mälim edildi, Huawei Aşgabatda telefon torlaryny giňeldýär, 2023-nji ýylda Türkmenistanda birnäçe halkara talyp olimpiadalary geçiriler we beýleki habarlar