Türkmenistan bilen Katar işewürlik forumyny geçirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan bilen Katar işewürlik forumyny geçirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow şu ýylyň 31-nji ýanwarynda Doha şäherinde Katar Döwletiniň Söwdasenagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Ahmed Tawar Al Kuwary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-katar işewürlik forumynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösýändigini aýdyp, özara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde giň mümkinçilikleriň we çeşmeleriň bardygyny bellediler.

Geçen ýylyň iýul aýynda Kataryň söwda palatasynyň geňeşiniň agzasy Mohamed bin Ahmed Al Obaidly iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen katar-türkmen işewürlik geňeşini döretmegi teklip edipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Hakan Fidan Kataryň Premýer-ministri we Daşary Işler Ministri Al Tani Bilen Duşuşdy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
EKSPO-2023 halkara sergisi geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Dubaýa iş sapary dowam edýär