Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri

17-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen gepleşikleri geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şol bir wagtda, döwletara görnüşde, şeýle hem halkara we sebit düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň depginli häsiýeti tassyklanyldy.

Ministrler ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly möhüm meselelere aýratyn üns çekdiler.

Taraplar şeýle hem meýilleşdirilýän duşuşyklaryň we çäreleriň tertibini deňeşdirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi