
17-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Owganystanyň çäginde 4,3-5,3 ölçeginde yzly-yzyna üç sany güýçli ýer yranma boldy. Bu barada Volcano Discovery saýty habar berýär.
4,9 ölçegindäki birinji ýer titreme Türkmenistan bilen serhetdäki Badgis welaýatynda, ýerli wagt bilen 14:05 minutda boldy. Ýer yranmanyň merkezi türkmen serhetinden 80 kilometr uzaklykda we 10 metr çuňlukda boldy.
4,3 ölçegindäki ikinji ýer yranma Lebap welaýatynda ýerli wagt bilen 15:30-da boldy. Onuň merkezi “Bagtyýarlyk” şäherçesinden 24 kilometr uzaklykda, “Üçajy” demirýol merkeziniň ornaşýan ýerinde we 10 kilometr çuňlukda boldy.
5,3 ölçegindäki üçünji,iň güýçli ýer yranma Badgis welaýatynda ýerli wagt bilen 16:30-da boldy. Onuň merkezi türkmen serhedinden 70 kilometr uzaklykda we 18,8 kilometr çuňlukda boldy.
Associated Press habar gullugynyň maglumatyna görä, Owganystanda bolan ýer yranmalarda pesinden 22 adam öldi.
Ýer titremeleriniň merkezleri Kalaýi-Nau şäherinden 41 we 50 kilometr uzaklykda boldy. Iň köp weýrançylyk we adam pidasy Kadis sebitinde boldy.
Türkmenistanda bolýan tebigy hadysalar barada maglumatlar bermeýän KHS Türkmenistanda we Owganystanda bolan ýer yranmalary hem däp boýunça äsgermezçilik etdi. The post Türkmenistan bilen serhetdäki owgan welaýatda bolan ýer yranmalarda azyndan 22 adam öldi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.