Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl 1 milliard 911 million ABŞ dollaryna barabar boldy

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl 1 milliard 911 million ABŞ dollaryna barabar boldy

19-njy ýanwarda Aşgabatda geçiren nobatdaky metbugat duşuşygynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral dünýäde ýüze çykan ýokanç kesel sebäpli dörän çäklendirmelerine garamazdan, 2021-nji ýyl Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ep-esli artandygyny belledi. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Türkiýä eksporty 50%-den, Türkiýäniňki bolsa 27%-den gowrak ýokarlandy, netijede ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy bir milliard 911 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ilçiniň belleýşi ýaly, özara söwda dolanyşygynyň artmagyna hazarüsti ulag geçelgesiniň işjeň ulanylmagy goşant goşdy. Ol, şeýle hem, bu işde awtomobil bilen ýük daşamagyň we howa gatnawynyň ähmiýetiniň hem möhüm ornuny nygtady.

Umuman aýdanyňda, diplomat häzirki türkmen-türk gatnaşyklarynyň geçen ýylky ösüşini häsiýetlendirmek bilen, olaryň aýratyn ýakynlaşmagyna we ösmegine ýurtlaryň arasyndaky ýokary derejeli saparlaryň goşant goşandygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Stambula eden sapary, iki hepdedeb soň bolsa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Aşgabat şäherine jogap sapary geçen ýylyň esasy wakalarynyň biri bolupdy.

Metbugat ýygnagynda ýerli metbugat wekillerine Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze metbugat attaşesi H.Bektaş resmi taýdan tanyşdyryldy

Ýene degişli makalalar

Türkmenler Aşgabat forumyndaky 'myhmansöýerligi' maslahatlaşýar
Hytaýyň ýaşaýjylary gök suw barsynyň Täze ýylyny garşy aldylar
Aždarhanyň öýi atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekili terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Daşkent maslahatyna gatnaşdy