Türkmenistan bilen ÝTÖB ýangyç-energetika we bank-maliýe ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistan bilen ÝTÖB ýangyç-energetika we bank-maliýe ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) arasynda ýangyç-energetika, ulag, ekologiýa we bank-maliýe ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bankyň ýolbaşçysynyň geljek aýda Türkmenistana meýilleşdirilen saparyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda saparyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalarynyň mazmuny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen ýangyç-energetika, ulag, ekologiýa we bank-maliýe ugurlary boýunça degişli resminamalaryň taýýarlanandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň abraýly maliýe institutlary we halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ÝTÖB bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet sapary bilen barar
Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Manadyň 'durnukly hümmeti' halky mätäç saklamagyň guralyna öwrüldi - Çeşmeler
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi