“Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy” Strategik maslahat beriş Geňeşi döredildi

“Türkmenistan  Birleşen Milletler Guramasy” Strategik maslahat beriş Geňeşi döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşini döretmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Şu ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGYNA, HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZYŇ 30 ÝYLLYGYNA HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
Rubio Hazarüsti geçiriji taslamasynyň ABŞ-nyň daşary syýasat bähbitlerine gabat gelýändigini aýdýar
Türkmen diplomaty Ş.Şiriýew Daşkentde Özbegistanyň Merkezi Aziýa Halkara institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi
Türk we Türk-Tatar Jemagatlary Rumyniýa Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Dostluk Köprüsi
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
ABŞ-nyň Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Resmisi Şu Gün Türkiýä Geler