TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ SESSIÝASYNDA BIRNÄÇE MÖHÜM BAŞLANGYÇLARY HÖDÜRLÄR

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ SESSIÝASYNDA BIRNÄÇE MÖHÜM BAŞLANGYÇLARY HÖDÜRLÄR

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak 78-nji sessiýasynda birnäçe möhüm başlangyçlary hödürlär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň taýýarlanylyşy barada Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Şu ýyl türkmen tarapy Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek bilen bagly başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar. Merkezi Aziýada hemişelik esasda hereket edýän Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek we onuň ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler.

Ýurdumyzyň ýene bir teklibi BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmäge degişlidir.BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy, Bütindünýä Azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy geçirmek baradaky teklibi beýan ediler.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň binýadynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara maslahatyny Türkmenistanda geçirmek teklip edilip, Aşgabat şäherinde Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini öwrenmäge girişiler.

26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde Aşgabat prosesiniň çäginde ýokary derejeli konferensiýa geçirmek baradaky başlangyjy bilen çykyş eder.

Ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi-de ekologiýa pudagydyr.Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginiň üstünde işlemegini dowam etdirer.

Türkmen tarapy bütindünýä metan borçnamasynyň çäginde alnyp barylýan tagallalara goşant hökmünde BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň taşlandylaryny azaltmak boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmegi teklip edýär.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan «Hazar ekologik başlangyjy» hem-de edarasy Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Geňeşini döretmek barada teklipleri hödürlär.

Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy hem-de Wena jarnamasynyň we Hereketler maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde degişli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem biziň ýurdumyz 2024-nji ýylda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahaty guramagy teklip eder.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda yglan ediljek beýleki başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek, şeýle hem 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmek baradaky teklipler bar.

Munuň bilen birlikde, «Bütindünýä türki dilleriň güni» atly Kararnamany kabul etmek teklip ediler.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlaryny makullan halatynda, olar BMG-niň Sekretariatyna iberiler, Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda diplomatik ýollar arkaly ýaýradylar, şeýle hem milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan ediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly sebitleýin we bütindünýä gün tertibiniň möhüm meselelerine deňagramly çözgütleriň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirmegi, onuň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek we durmuşa geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan BMG-niñ nobatdaky sessiýasynda birnäçe teklipleri öñe sürer