Türkmenistan BMG-niñ nobatdaky sessiýasynda birnäçe teklipleri öñe sürer

Türkmenistan BMG-niñ nobatdaky sessiýasynda birnäçe teklipleri öñe sürer

Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiñ barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda Daşary işler ministrliginde degişli işler alnyp barylýar.

Şu ýyl türkmen tarapy Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek bilen bagly başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada hemişelik esasda hereket edýän Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek we onuň ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler.

Türkmenistanyñ ýene bir teklibi BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmäge degişlidir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy geçirmek baradaky teklibi hem beýan ediler.

Mundan başga-da, BMG-niň binýadynda türkmen döwletiniñ başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara maslahatyny 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçirmek teklip edilip, Aşgabat şäherinde Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini öwrenmäge girişiler.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde degişli işleri geçirer.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda Türkmenistan tarapyndan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen Kararnamany kabul etmek, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek boýunça Kararnamanyň taslamasynyň üstünde işlemek teklip ediler.

Öz başlangyjy bilen 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistan Aşgabat prosesiniň çäklerinde durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahaty geçirmek baradaky teklibi öňe sürer.

Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam etdirer. Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerindäki tagallalara goşant hökmünde türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp düzmegi teklip eder. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan “Hazar ekologik başlangyjy” hem-de baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Geňeşini döretmek baradaky teklip beýan ediler.

Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy hem-de Wena jarnamasynyň we Hereketler maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde degişli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, Türkmenistan 2024-nji ýylda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahaty guramagy teklip eder.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan ediljek beýleki başlangyçlaryň hatarynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek, şeýle hem 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmek baradaky teklipler bar. Şunuň bilen birlikde “Bütindünýä türki dilleriniň güni” atly Kararnamany kabul etmek teklip ediler.

Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalaýyn we maksatnamalaýyn çäreleri giňeltmek ugrunda işlär. Şeýle hem BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, ÝUNESKO-nyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň we Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň wekilhanalaryny açmak üçin degişli çäreleri görmek meýilleşdirilýär.

Hasabatynyñ barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyñ belleýşi ýaly, döwlet Baştutany Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlaryny makullan halatynda, olar BMG-niň Sekretariatyna iberiler, Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda diplomatik ýollar arkaly ýaýradylar, şeýle hem milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan ediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyñ döwletara derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, ýurduň ileri tutýan başlangyçlaryny dünýä bileleşigine ýetirmek, halkara başlangyçlaryny ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ysmail Gaspyraly
Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ SESSIÝASYNDA BIRNÄÇE MÖHÜM BAŞLANGYÇLARY HÖDÜRLÄR
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi