Türkmenistan BMG-nyň döwürleýin syny boýunça hasabat berýär

11-nji aprelde, BMG-nyň Ženewadaky edarasynda brinfing bolup, onuň dowamynda adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň we adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasynyň bilelikde taýýarlan hasabatlary, şeýle-de hasabata rezýumeleri ýaýradyldy.

Hasabat BMG-nyň ählumumy döwürleýin syny prosedurasy esasynda taýýarlandy. BMG-na agza hökümetler dört ýylda bir gezek öz ýurtlarynda adam hukuklarynyň umumy ýagdaýy hakynda hasabat berýärler, jemgyýetçilik guramalary bolsa, alternatiw hasabatlary taýýarlaýarlar.

Hasabatyň iňlis dilindäki rezýumesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz: TM UPR summary final March 2018 .

Onda Türkmenistanyň hökümetiniň mundan öňki döwürleýin hasabaty (2013-nji ýylda) wagtynda berlen esasy rekomendasiýalary ýerine ýetirmändigi aýdylýar. Pikir aýtmak azatlygy, hereket azatlygy, mejbury göçüriş zerarly degerli kompensasiýa almak we beýleki esasy hukuklaryň bozulmagy dowam etdirilýär.

BMG-nyň wekilleri bu synyň dowamynda Türkmenistanyň resmi wekillerine anyk sowallary berýärler.

Ýene degişli makalalar

Filip Kerr (1956 2018)
Goşa emeli hemrany uçurdy
Ummanlar içgin öwreniler
Tehnologiýa täzelikleri gysga setirlerde…
MESSAGE FOR THE MEDIA
MESSAGE FOR THE MEDIA