24-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Aýdogdyýew dokma senagatynyň işi barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki wagtda dünýäde dokma önümleriniň öndürilişiniň möçberi olara bolan isleglerden has ýokary bolup durýar. Munuň özi bu önümleri ýerlemekde uly bäsdeşligi döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Aýdogdyýew türkmen dokma önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, pudaklaýyn kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek oýlanyşykly nyrh syýasatyny ýöretmekçidigini aýtdy.
Ýatladyp geçsek, dünýäniň iri brenleriniň birnäçesi (IKEA, H&M, Wrangler, Lee, Zara), pagta ýygylanda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylýandygy üçin, Türkmenistanyň pagtasyndan edilen dokma önümlerini satyn almakdan ýüz öwürdi.
