Türkmenistan FIFA 26 dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda “E” toparçada ýaryşar

Türkmenistan FIFA 26 dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda “E” toparçada ýaryşar

Türkmenistan 2026-njy ýylda geçiriljek FIFA 26 dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda “E” toparçada ýaryşar. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistan öz toparçasynda Eýran, Özbegistan, Gonkong ýa-da Butan bilen bäsleşer.

Bije atmanyň birinji we ikinji tapgyry geçirilenden soň Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) 46 ýurdunyň ilkinji toparçalary kesgitlendi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda 20 sany ýurt üçin saýlama ýaryşlar başlanar we birinji tapgyryň 10 ýeňijisi 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda geçiriljek ikinji tapgyra çykar.

Habarda bellenilişi ýaly, galan üç tapgyr üçin bije atma indiki ýyl geçiriler. Dokuz toparçanyň hersinden iň gowy iki topar 2024-nji ýylyň ahyrynda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň üçünji tapgyryna çykar.

Futbol boýunça dünýä çempionaty 2026-njy ýylda Kanadada, Meksikada we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, dünýä çempionatynyň kwalifikasiýasy bolsa 2025-nji ýylyň noýabr aýyndan 2026-njy ýylyň mart aýy aralygynda (32 gün) geçiriler.

Iň soňky futbol boýunça dünýä çempionaty 2022-nji ýylda Katarda geçirildi we Argentina Fransiýadan üstün çykyp çempion boldy.

Ýene degişli makalalar

FIFA-nyň reýtingi täzelendi: Türkmenistan näçinji ýerde?
Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazarlary açylar, Aşgabatda ýene bir medeni-dynç alyş seýilgähi açylar, Türkmenistan CAFA Futsal Cup çempionatynyň dördünji aýlawynda Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 12-nji ýanwarda Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler
FIFA iri sport baýramçylygyny Merkezi Aziýada göni ýaýlymda alyp görkezjek kompaniýany gözleýär
Türkmenistanda Arkadag futbol toparynyň FIFA-nyň we AFK-nyň ýaryşlarynda netijeli çykyş etjekdigine ynam bildirilýär
Arsen Wenger Türkmenistanyň ösen futbol ýurduna öwrülmegini arzuw etdi