Türkmenistan Gruziýa awiaýangyç ibermekde birinjiligi eýeleýär

Türkmenistan Gruziýa awiaýangyç ibermekde birinjiligi eýeleýär

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan Gruziýa awiaýangyjyň 54,9 müň tonnasyny iberdi we bu görkeziji boýunça ýurtda öňdeligi eýeledi. Bu barada Report habarlar agentligine salgylanyp, orient.tm maglumat berýär.

Gruziýa awiaýangyjy ibermekde Azerbaýjan ikinji orny eýeläp, bu ýurt geçen 10 aýda Gruziýa onuň 12 müň tonnasyny ugratdy. Uçarlar üçin ýangyjyň 10,5 müň tonnasyny ibermek bilen, Italiýa bu sanawda üçünji orny eýeleýär.

Bellenilişi ýaly, ýurtda howa gatnawlarynyň dikeldilmegi bilen, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Gruziýa awiaýangyjyň importyny 54,7 göterim ýokarlandyrdy. Bu önüme islegiň geljek aýlarda hem häzirki ýaly derejede saklanmagyna garaşylýar.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, golaýda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze görnüşli Jet A-1 awiakerosini öndürilip başlandy.Ol kärhananyň öndürýän ТС-1 uçar ýangyjynyň ýewropa görnüşidir.

Jet A-1 Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň, şol sanda Airbus we Boeing howa gämileriniň gaz turbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýar.TNGIZT-niň täze ýangyjy halkara awiasiýa standartlaryna kybap gelýär hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy.

Onuň önümçiligi 2008-nji ýylda ulanmaga berlen, kuwwaty ýylda 525 müň tonna deň bolan desgada amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

TNGIZ 218 müň tonna kerosin öndürdi
TDHÇMB-nyň söwdalarynda nebit-himiýa önümlerine uly isleg bildirildi
Türkmenistanda nebit önümleriniň täze görnüşleri öndürilip başlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TNGIZT A-98 kysymly awtoulag benzinini öndürip başlady
11-nji dekabrda howply asteroid Ýere ýakynlaşar
Gürjüstana awiýa ýangyç berýänleriň arasynda Türkmenistan liderleigi eýeleýär