Türkmenistan guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda 11 medal gazandy

Türkmenistan guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda 11 medal gazandy

Türkmenistanly türgenler Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda 11 medala mynasyp boldular. Dünýä döwletleriniň 12-sinden 200-den gowrak türgeni özünde jemlän çempionata Türkmenistan 16 türgen bilen gatnaşdy.

Ýaryşyň birinji gününiň netijeleriniň ählisi guşakly göreşiň erkin usulyndan gazanyldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Zarina Abdyrahmanowa 58 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala eýe çykdy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Jemal Owlýakulyýewa 66 kilograma çenli derejede kümüş medal eýeledi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Hojamyrat Suwhanow 57 kilogram agramda bäsleşdi.Russiýa Federasiýasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň türgenlerini ýeňen ildeşimiz final tutluşykda Gazagystan Respublikasynyň türgenini ahmyrda goýup, dünýäniň çempiony boldy. Şol ýokary okuw mekdepden Atageldi Tejendurdyýew 68 kilogramda göreş düşekçesine çykdy.

Ol Gazagystanyň we Täjigistanyň türgenlerini ýeňip, finala ýetdi.Jemleýji duşuşykda bolsa özbek türgeninden üstün çykyp, altyn medal gazandy. Şeýle üstünlige institutyň 4-nji ýyl talyby Agaýusup Garaýew hem ýetdi. 75 kilogramda bäsleşen türkmen pälwany Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň türgenlerini ýeňip, final tutluşykda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Finaldaky garşydaşyndan — gazagystanly türgenden üstün çykmagy bolsa oňa dünýäniň çempionlygyny getirdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky 1001 harby bölüminiň esgeri Rozymyrat Medow 82 kilogramda göreş alyp bardy. Özbegistandan, Gazagystandan bolan türgenleri ýeňen türgen final tutluşykda Gyrgyz Respublikasynyň pälwanyny ahmyrda goýup, altyn medal aldy. Şol harby bölümiň esgeri Arslan Hojamberdiýew 90 kilogramda bäsleşip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Nobatgeldi Nazarow 100 kg agramda bürünç medal eýeledi.

Çempionatyň ikinji gününiň üstünlikleri guşakly göreşiň nusgawy usulyna degişlidir.Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Guwanç Hemraýew 68 kilogram agramda çykyş edip, bürünç medal gazandy.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew 90 kilogram agramda dünýaniň wise-çempiony boldy.Pälwanlaryň ýene biri şeýle üstünlige mynasyp boldy.Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Nurmuhammet Baýdogdyýew 100 kilogramdan ýokary agramda kümüş medala eýe çykmagy başardy.

Türkmen türgenleri ýaryşyň 11 medalyna (4 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç) eýe boldular.

Şeýlelikde, Türkmenistan medal sanawy boýunça üçünji orna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly pälwanlar guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda 28 medal eýelediler
Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlarynda türkmen türgenleri ýene ýedi medala eýe boldular
03.09.2019 | Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlarynda türkmen türgenleri ýene ýedi medala eýe boldular
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünlikleri
19.09.2017 | Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady
Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda gazanan medallary 18-e çykdy