Türkmenistan Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasyna (FAL) goşulmak ugrundaky tagallalaryny işjeňleşdirýär

Türkmenistan Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasyna (FAL) goşulmak ugrundaky tagallalaryny işjeňleşdirýär

Türkmenistan Halkara deňiz guramasynyň (IMO) goldawy bilen Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasyna (FAL) goşulmak ugrundaky tagallalaryny işjeňleşdirýär. Bu barada nCa portaly habar berdi.

Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasy — halkara deňiz daşamalarynda mümkin bolan iň ýokary netijeliligi gazanmaga, portlarda gämileriň, ýükleriň we ýolagçylaryň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün etmäge gönükdirilen ählimumy halkara ylalaşykdyr. Konwensiýa gämileriň porta gelmegi, gämileriň togtap geçmegi we ugramagy bilen baglanyşykly işleri ýönekeýleşdirmek üçin ülňüleri, düzgünleri we maslahat berilýän amallary öz içine alýar.

1-3-nji oktýabrda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Deňiz daşamalaryny ýönekeýleşdirmek boýunça milli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundaky gämileri, ýükleri, ekipažlary we ýolagçylary gümrük taýdan resmileşdirmek üçin jogapkär ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylara Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasyna girizilen soňky üýtgetmeler barada möhüm maglumatlar berildi.

Maslahat Türkmendeňizderýaýollary agentligi tarapyndan Halkara deňiz guramasy bilen Toplumlaýyn tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde guraldy diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Balkanda taksi sürüjileriň arasynda işden çykýan köpeldi
Daşary işler ministri Rimde Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Trendýol Super Liganyň 32-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 34-nji hepdesi tamamlandy