Türkmenistan Hazar deňzi boýunça ylmy hyzmatdaşlyga çagyrýar, 2023-nji ýylda 330 sany türkmen talyby Belorusyň ýokary okuw mekdeplerine girdiler, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi Maýyplara goldaw merkezine mekdep esbaplaryny gowşurdy we beýleki habarlary

Türkmenistan Hazar deňzi boýunça ylmy hyzmatdaşlyga çagyrýar, 2023-nji ýylda 330 sany türkmen talyby Belorusyň ýokary okuw mekdeplerine girdiler, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi Maýyplara goldaw merkezine mekdep esbaplaryny gowşurdy we beýleki habarlary

Türkmenistan

1.Türkmenistanda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.Forumda Hazar meselesiniň derwaýys ugurlary: kenarýaka döwletleriň syýasy, ykdysady, ylmy, ekologiýa we beýleki ugurlardaky özara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri hem Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegi boldy.Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Hazar deňziniň suwunyň derejesini öwrenmek we onuň üýtgemeginiň sebäplerini kesgitlemek üçin Hazarýaka döwletleriniň ylmy hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda çykyş edýändigini belläp geçdi.

2. Belorusyň ýokary okuw mekdepleri 2023-nji ýylda Türkmenistanyň 330 raýatyny kabul etdi. Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa instituty 92 dalaşgärler kabul edip, türkmen talyplarynyň arasynda iň meşhur ýokary okuw mekdebi boldy. Meşhurlygy boýunça ikinji orunda Belarus döwlet uniwersiteti (79 talyp), üçünji orunda bolsa Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (35 talyp) barýar.

3. Türkmenistanyň Maýyplara goldaw merkeziniň 30 çagasyna ÝB-niň Aşgabatdaky wekilliginiň adyndan okuw esbaplary gowşuryldy. Sowgatlary gowşurmak dabarasyna ilçi, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň başlygy Diýego Ruiz Alonso gatnaşdy. Bu çäre Back to school (Mekdebe gaýdyp gelmek) maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

4. Türkmenistanly artsitler 18-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri 2023 atly nusgawy sungat festiwalynyň halkara meýdançasynda çykyş ederler. Festiwalyň maksatnamasy tomaşaçylary Hazarýaka döwletleriniň medeniýeti we sungaty bilen içgin tanyşdyrmagy göz öňünde tutýar. 25 28-nji awgust aralygynda Astrahan filarmoniýasynda her gatnaşyjy ýurda bagyşlanan konsertler geçirer. Türkmenistan güni 28-nji awgustda geçiriler.

5. 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýa barýan jahankeşdeleriň sany boýunça Türkmenistan ilkinji bäşlige girdi. Ýanwar iýun aýlarynda jemi 14 müňden gowrak türkmen raýaty syýahatçylyk maksady bilen Russiýa bardy. Moskwa we Sankt-Peterburg şäherleriniň Russiýa Federasiýasynyň syýahatçylyk pudagy üçin iň meşhur ugurlar bolmagyny dowam etdirýändiklerini bellemek gerek.

6. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň çäklerinde saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy.

Dünýäde

7. Alýaskanyň ýaşaýjysy Uill Woker welosipedde öňden yzlygyna sürüp, takmynan, 900 kilometr ýol geçdi. Amerikanyň dürli künjeklerinden iki tigirli ulagyň muşdaklarynyň sürüş çäresi Aýowa ştatynda geçirildi. Oňa 30 müň welosipedçi gatnaşdy, emma diňe Uoker tötänleýin ýykylmazlygy üçin egninden arkasyna seredip, öňden yzlygyna hereket etdi. Amerikalynyň bellemegine görä, ol on ýyl mundan ozal şeýle adaty bolmadyk sürmek usulyny ulanyp başlady.

8. Çikagoda nobatdaky ördek derbisi rezin ördekleriň derýadaky regata ýaryşy geçirildi. Ýaryşa 70-den gowrak oýunjak gatnaşdy.Eýýäm 12-nji gezek geçirilýän regata ýaryşyna ähli isleg bildirýänler gatnaşyp bilýär.

Munuň üçin azyndan bir rezin ördek satyn alyp, ony köpçülikleýin badalga berilýän ýerden erkin akyma goýbermek ýeterlikdir. Ördegi pellehana ilkinji bolup ýeten adam baýrak hökmünde awtoulag alýar, ikinji we üçünji orunlar üçin Meksika syýahat utmak mümkindir. Ýaryşdan alnan girdeji akyl taýdan çäkli türgenler üçin haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanýar.

Sport habarlary

9. Saud Arabystanynyň Al-Nasr topary finalda Al-Hilaly 2-1 hasabynda ýeňip, Arap çempionlarynyň Kubogyny eýeledi. Duşuşygyň gahrymany portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bolup, ol iki pökgi geçirdi we şikes zerarly meýdançadan çykmaga mejbur boldy.

10. Türkmenistanda ilkinji gezek AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasyny almak üçin okuwlar geçiriler. 21-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda ýurduň paýtagtynda PRO ygtyýarnamasynyň maksatnamasy boýunça Aziýa futbol konfederasiýasynyň tälimçilik okuwynyň birinji we ikinji modullary geçiriler. Bu milli we halkara derejeli toparlara tälim bermek hukugyny berýän iň ýokary tälimçilik derejesidir.

11.FIFA-nyň emini Ammar Aşkananiniň ýolbaşçylygyndaky kuweýtli eminler topary AFK-nyň Kubogyň deslapky tapgyrynyň duşuşygyna eminlik ederler, bu duşuşykda Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Merw Gyrgyzystanyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Alaý bilen duşuşar.

Bu duşuşyk 15-nji awgustda Marydaky 10 müň orunlyk Sport toplumy stadionynda geçiriler.Merw futbol toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Alaý bilen oýna giriş mugt bolar.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermekden ýüz öwürýärler
Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň kadalaşdyryş-hukuk binýady kämilleşdirilýär
Türkmenistanda telekeçiler bilen bagly ýeňillikleriň sany artdy
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodekse üýtgetmeler girizildi
Ýewropa aýallary we maýyplary Aýa iberýär