Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisini geljegi uly iri taslama hasaplaýar

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisini geljegi uly iri taslama hasaplaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti gaz geçirijisini türkmen tebigy gazyny Ýewropa döwletlerine çykarmakda geljegi uly iri taslamalaryň biri hökmünde belläp geçdi. Muny döwlet Baştutany Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 28-nji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara ýollan Gutlag hatynda aýtdy.

Şeýle hem gutlag hatynda halkara bazaryň türkmen tebigy gazyna bolan islegini kanagatlandyrmakda Galkynyş gaz känine aýratyn ornuň degişlidigi nygtalýar. Mälim bolşy ýaly, bu gaz käni gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, bu işlere maýa goýumlary çekmekde ýokary derejede amatly şertleriň döredilýändigini aýratyn nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Waşingtonda Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça forum geçiriler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki ÇYKYŞY
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki çykyşy
Ankarada türkmen gazynyň ähmiýeti nygtaldy, gaz geçiriji taslamasynyň geljegi aýdyňlaşdyrylmady
Serdar Berdimuhamedow: Hazarüsti gaz geçirijisi geljegi uly iri taslamalaryň hataryndadyr