Türkmenistan Hytaýdan ýörite uçar gatnawyny gurnaýar

Türkmenistan Hytaýdan ýörite uçar gatnawyny gurnaýar

26-njy iýunda “Türkmenistan” howaýollary Pekinden Türkmenabada ýörite uçar gatnawyny gurnaýar diýip, “Türkmenportal” habar berýär.

T5608 sanly ýörite uçar gatnawy ýerli wagt bilen daňdan 4:50-de “Pekin-Şoudu” halkara howa menzilinden ýola goýlar.

777-200LR sanly Boýing uçary ýerli wagt bilen irden 8:50-de Türkmenabadyň halkara howa menziline barar.

Bu uçar gatnawy türkmen hökümetiniň tabşyrygy bilen gurnalýar.

Ýurda dolananlaryň ählisi üç hepdelik hökmany karantinde galar.

Ýatlatsak, geçen ýylyň 25-nji maýynda garaşylmadyk ýagdaýda döwlet täzelikler gullugy TDH “Türkmenistan howaýollarynyň”Hytaýa birnäçe ýörite uçar gatnawyny ýola goýlandygy we müňlerçe türkmen raýatlaryny ýurda getirendigi barada habar beripdi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan koronawirus keseli tutaşyp başlan badyna ilkinji ýurtlaryň biri bolup, öz raýatlaryny Hytaýdan çykarypdy.

Emma,döwlet habar gullugynyň muny nämeüçindir üç aý soňra habar berendigi anyklaşdyrylmady.The post Türkmenistan Hytaýdan ýörite uçar gatnawyny gurnaýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
Türkmen türgenleri Tokiodaky koronawirus aladalarynyň arasynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar
Türkmenistana täze Boeing 777-200LR ýolagçy uçary gelip gowuşdy
Türkmenistanyň Hytaýdaky raýatlarynyň bir topary ýurda getirildi
Türkmenistanda täze halkara howa menzili açyldy
Pekin - Türkmenabat ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkynyň üsti täze Boeing 777 ― 200 LR bilen ýetirildi