Türkmenistanyň Hytaýdaky raýatlarynyň bir topary ýurda getirildi

Türkmenistanyň Hytaýdaky raýatlarynyň bir topary ýurda getirildi

Şu gün Türkmenistan awiakompaniýasy Boeing 777-200LR uçary bilen Pekin ― Türkmenabat aralygynda ýörite uçuşy amala aşyryldy. Bu uçuş arkaly Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky raýatlary ýurda alnyp gelindi.

T5608 belgili ýörite gatnaw boýunça hereket eden uçar Pekin Şoudu halkara howa menzilinden uçdy. Uçuşy Türkmenistanyň dostlukly döwletdäki diplomatik edarasy gurady.

BSGG-niň kadalaryna laýyklykda, bu uçar bilen ýurda getirilen raýatlarymyz üç hepdeliik karantin gözegçiliginde bolarlar. Türkmenistan daşary döwletlerden şeýle uçuşlary amala aşyrmagy dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär
Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy
“Türkmenhowaýollary” iki sany “Boeing 777300” kysymly uçar satyn aldy
Türkmenistana täze Boeing 777-200LR ýolagçy uçary gelip gowuşdy
Türkmenistanda täze halkara howa menzili açyldy