Pekin - Türkmenabat ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

Pekin - Türkmenabat ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

26-njy iýunda "Türkmenhowaýollary" awiakompaniýasy Pekin - Türkmenabat ýörite gatnawy arkaly pandemiýa zerarly Hytaýda galan türkmen raýatlaryny alyp gelmegi meýilleşdirýär.

T5608 uçar gatnawy Pekin wagty bilen sagat 04:50-de “Pekin Şoudu” halkara howa menzilinden uçup, sagat 08:50-de Türkmenabadyň halkara howa menziline gonar.

“Boeing 777-200LR” kysymly uçar bilen amala aşyryljak bu gatnaw Türkmenistanyň Hökümetiniň tabşyrygy esasynda alnyp barylýar.

Ýurdumyza getiriljek ähli ýolagçylar 21 günlük karantin çärelerini berjaý ederler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär
Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy
Türkmenistana täze Boeing 777-200LR ýolagçy uçary gelip gowuşdy
Türkmenistanyň Hytaýdaky raýatlarynyň bir topary ýurda getirildi
Türkmenistanda täze halkara howa menzili açyldy
Türkmenistan Hytaýdan ýörite uçar gatnawyny gurnaýar