Türkmenistan ilkinji bolup serb BTR-lerini satyn aldy

Türkmenistan ilkinji bolup serb BTR-lerini satyn aldy

Türkmenistan Serbiýadan “Lazar 3” kysymly bronetrasportýorlary satyn alan ilkinji daşary ýurt döwleti boldy. Bu barada ruserbia internet neşiri Serbiýanyň Moskwadaky ilçisi Miroslaw Lazanskiniň sözlerine salgylanyp, 23-nji martda habar berdi.

Maglumatda Türkmenistana satylan bronetrasportýorlaryň, ýagny pyýada goşun esgerlerini söweş meýdanyna äkitmek üçin ýokary geçiş ukyply bronlanan ulaglaryň sany we olaryň bahasy barada hiç zat aýdylmaýar.

Ilçiniň sözlerine görä, mundan öň “Lazar 3” bilen diňe Serbiýanyň goşuny üpjün edilipdir.

“Lazar-3” bu 8х8 teker formulaly we STANAG V/IV goranyş ulgamly BTR ulagydyr. Oňa 30 mm awtomatiki ýaragy, 12,7 mm ýa-da 7,62 mm pulemýotlary, şol sanda PTUR, ýagny tanklara garşy dolandyrylýan raketany hem ornaşdyryp bolýar. Bronetrasportýoryň ekipažy 3 adam bolup, onuň 9 esgeri daşamaga ukyby bar.

Türkmen resmi habar serişdelerinde bu ýarag söwdasy barada maglumat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýadygärlik nyşany gowşuryldy
DÝHG-niň başlygy: Merkezi ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň orny möhümdir
Aşgabatda halkara forum geçirildi
Türkmenistan daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň sebitleýin duşuşygyna gatnaşdy
ÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasyna (DÝHG) agza döwletleriň ministrler derejesindäki 48-nji maslahaty