Türkmenistan Kabul şäherinde geçiriljek sebitleýin duşuşyga gatnaşar

Türkmenistan Kabul şäherinde geçiriljek sebitleýin duşuşyga gatnaşar

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde 16-njy iýunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň wekilleriniň gatnaşmagynda sebitleýin duşuşyk geçiriler. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, “ToloNews” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşar.

Duşuşygyň gün tertibine sebit howpsuzlygy we durnuklylygy, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sebitara baglanyşyklary giňeltmek bilen bagly meseleler girizildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyk sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, şeýle hem söwda, üstaşyr ulag we maýa goýum ugurlarynda täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminamalar kabul edilip başlandy
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmen, owgan liderleri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygy bilen tanyşdy
C5+1 köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlik
Türkmenistan we “Euronews” telekompaniýasy bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Serhet institutyna 2026/2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI