Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika Hyzmatdaşlygynyň milli utgaşdyryjylarynyň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika Hyzmatdaşlygynyň milli utgaşdyryjylarynyň maslahatyna gatnaşdy

Merkezi Aziýada ulag we logistika Hyzmatdaşlygynyň hem-de Merkezi Aziýa sebitindäki ulag we logistika boýunça zenanlar bileleşiginiň milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň agzalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn maslahatyň Gün tertibine ulag aragatnaşygy bilen baglanyşykly sebit ähmiýetli meseleler girizildi. Mundan başga-da, Eýranyň Çabahar porty, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Pakistanyň portlary ýaly iri sebit portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýetine seredildi.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri maslahata gatnaşyjylara Russiýanyň Astrahan porty bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, şeýle hem Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan (Türkmenbaşy porty) — Russiýa (Astrahan porty) ulag geçelgesiniň döredilmegi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Ulag we logistika merkezi ýakynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy.

Hazar deňzinde maddy-tehniki hyzmatdaşlygyň çäginde iki ýurduň arasynda Türkmenbaşy — Astrahan we Türkmenbaşy — Mahaçkala portlarynyň ugry boýunça ulagdan doly peýdalanmagyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar
Daşoguz welaýat gümrükhanasynda pudagara okuw maslahaty geçirildi
Lebap welaýat gümrükhanasynyň çäginde pudagara okuw-maslahaty geçirildi
Mary welaýatynda gümrük kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Hindistana barýan rus ýük otlusy ýurdumyzyň üstünden geçýär