Türkmenistan nobatdaky ralli-reýdi geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistan nobatdaky ralli-reýdi geçirmäge taýýarlanýar

Aşgabatda Ýüpek ýoly halkara rallisiniň taslamasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Myhmanlaryň hatarynda Taslamanyň ösüş boýunça direktory Sergeý Tukmanow we Taslamanyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Wiktor Sokolow bar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowyň gatnaşmagynda geçen duşuşykda ýurdumyzyň çäginde guraljak halkara ralli-reýd ýaryşynyň guramaçylygy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaryşyň şu ýylyň 9 — 15-nji sentýabry aralygynda guralmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň konferens-zalynda geçirilen duşuşykda ýaryşyň geçiriljek ugruny kesgitlemek, gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, lukmançylyk hyzmatlary hem-de bäsleşikleriň geçirilýän pursatlaryndaky guramaçylyk işleri ýaly möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Öňde boljak ralli-reýdi gatnaşyjylaryň köp sanlysynyň hem-de bütin dünýäden bolan tomaşaçylaryň üns merkezinden ornuny tapar.

Ýeri gelende bellesek, ozal Türkmenistanda Garagum sährasynyň goýnundan parran geçip, Hazara uzan Amul Hazar 2018 halkara awtorallisi uly üstünliklere beslenipdi. Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň Merkezi Aziýadaky iň iri ýaryşy hasaplanan halkara awtorallisine 20 ýurtdan bolan ekipažlaryň birnäçesi gatnaşypdy.

Ýene degişli makalalar

Awtoulag sergisi geçirildi
40 ýyllygyna bagyşlandy
Baýramalynyň käbir obalarynyň ýaşaýjylary ýol batgasyndan kösenýärler
“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi
Ýolsuz ýerden ýöreýär
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy