Türkmenistan Owganystana däne ýollady we howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýlaryň gowulaşandygyny belledi

Türkmenistan Owganystana däne ýollady we howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýlaryň gowulaşandygyny belledi

Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik kömek 14-nji dekabrda Owganystana gowuşdy diýip Türkmenistanyň DIM-gi habar berýär.

10-njy dekabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tekstil kärhanalarynyň, oba hojalyk ministrliginiň we nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümlerini owgan tarapyna yzyna gaýtarmazdan bermek barada görkezme beripdi.

Netijede, şol ýüke umumy agramy 1200 tonna bolan tekstil, azyk önümleri, 20 sany boçka nebit önümleri girdi.

“Ariana News” neşiriniň takyklamagyna görä, Türkmenistan umumy bahasy 1,2 million dollar dänäni, egin-eşigi, benzini we suwuklandyrylan gazy Owganystana ýollady.

Şol ýüki Owgan tarapyndan DIM-niň orunbasary Şir Mohamad Abbas Stanekzaý,Heratyň häkimi Nur Ahmad Islamjar kabul etdi.

Ynsanperwerlik ýüki gowşurmak dabarasyndan soňra türkmen tarapynyň gurup beren Owganystanyň Akina şäherçesindäki metjitde we Turgundi şäherçesindäki metjitde sadaka berildi.

Türkmen tarapyna kimiň wekilçilik edendigini DIM takyklamaýar.Emma,”Interfaks-Azerbaýjan” habar gullugy talyplaryň DIM-niň metbugat gullugy Abdul Kahar Balha salgylanyp şol güni Abbas Stanekzaý bilen Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wepa Hajyýewiň duşuşandygyny habar berdi.

Stanekzaýyň bellemegine görä,Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda mydama dostlukly gatnaşyklar boldy we owgan hökümeti TOPH, TOP we demirýollar taslamalary boýunça işlere taýýar.

“Wepa Hajyýew Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ösendigini gowy garşylady we täze wakalar iki ýurdyň arasynda söwdanyň hem tranzitiň ösmegini üpjün eder” diýendigini Kahar Balh aýdýar.

21-nji noýabrda Owganystanda hökümet agzalarynyň we türkmen diplomatlarynyň duşuşygy bolupdy.

Gepleşiklerde çykyş eden owganystanyň magdan we nebit ministri wezipesini ýerine ýetirýän Mohamad Isa TOPH, süýümli optiki aragatnaşyk ýollary, TOP, elektrik hem demir ýollary üçin pul bermäge türkmen tarapyny çagyrypdy.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamany durmuşa geçirmek Owganystandaky ýagdaýlar bilen bilen bagly togtadylypdy’ diýip Pakistanyň ykdysadyýet boýunça ministri Omar Aýub Han belledi.

Ol “ýurtda ýagdaýlar durnuklaşandan soňra taslama dolanarys” diýipdi.The post Türkmenistan Owganystana däne ýollady we howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýlaryň gowulaşandygyny belledi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi üçin Owganystandan hoşallyk hatlary geldi
Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy
Akyldaryň okan mekdebi
Türkmenistan Akina-Andhoý demirýolunyň Owganystan bölegindäki gurluşygyny gaýtadan dikeltdi
Owganystanda Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygynyň galan işleri başlandy
Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär