Türkmenistan Owganystana ýene bir ynsanperwer kömegi berdi

Türkmenistan Owganystana ýene bir ynsanperwer kömegi berdi

Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif ş.) Baş konsullygyň guramagynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurlup, 2009-njy ýylyň awgust aýynda ulanyşa berilen Saglyk öýüniň durkunyň Türkmenistan tarapyndan düýpli abatlanyp berilmegi hem-de ynsanperwer kömegi hökmünde medisina enjamlaryň we derman serişdeleriň owgan tarapyna gowşurylmagy bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi.

DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, geçirilen dabaraly çärä, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy, Farýab welaýatynyň Garamgol, Gorgan, Andhoý we Hançarbag etraplarynyň häkimleri, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşaýjylary hem-de abraýly ýaşululary gatnaşdylar.

Ynsanperwerlik kömegi barada halk köpçüligine giňden ýaýratmak maksady bilen bu dabara Owganystanyň Milli teleýaýlymynyň, Owganystandaky türkmen diasporasynyň Tolqun News we beýleki ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklary gazanyldy.

Bulardan başga-da, dabaraly çäräniň dowamynda Garamgol etrap bilim bölüminiň başlygy Mahmut han Abdylla ogluna, etrabyň mekdeplerinde türkmen dili sapaklarynda gollanma hökmünde peýdalanmaklary maksady bilen 1 — 4-nji synplar üçin niýetlenen okuw kitaplary gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynyň Saglyk öýüniň durkunyň düýpli abatlanylmagy we ynsanperwer kömegi berilmegi bilen bagly çäre geçirildi
OWGANYSTANYŇ FARÝAB WELAÝATYNYŇ GARAMGOL ETRABYNYŇ SAGLYK ÖÝÜNIŇ DURKUNYŇ DÜÝPLI ABATLANYLMAGY WE YNSANPERWER KÖMEGI BERILMEGI BILEN BAGLY GEÇIRILEN DABARALY ÇÄRE
Türkmenistan Owganystanyň Farýab welaýatyndaky Saglyk öýüniň durkuny düýpli abatlap berdi
Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi üçin Owganystandan hoşallyk hatlary geldi
Türkmen bilermeni: Owganystanda guruljak kanal regionda suw meselesini çylşyrymlaşdyrar
R.Meredow Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň başlygynyň orunbasary bilen gepleşikleri geçirdi