Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen Pakistana suwuklandyrylan gaz iberdi

Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen Pakistana suwuklandyrylan gaz iberdi

Türkmenistan Owganystynyň üstünden Pakistana ilkinji gezek suwuklandyrylan tebigy gaz iberip başlady. Pajhwok owgan elektron neşiriniň habar bermegine görä, ýükli ulaglar Owganystanyň Kandagar welaýatynyň çäginden geçip, anna güni Çaman serhetýaka gözegçilik-geçiriş nokadyna bardy.

Bellenilişi ýaly, eksport edilen ýük Merkezi Aziýany Pakistanyň Arap deňzindäki Gwadar porty bilen birleşdirýän täze söwda ýoluny döretmek bilen baglanyşykly synag taslamasynyň çäklerinde Owganystanyň üsti bilen daşalyp başlandy.

Türkmen suwuklandyrylan gazy daşamak, Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky sebitara gatnaşyklary we söwdany gowulandyrmak baradaky täze başlangyjyň bir bölegidir, şeýle-de suwuklandyrylan tebigy gazyň eksport-import çeşmelerini diwersifikasiýa etmek arkaly Pakistanyň energiýa howpsuzlygyna goşant goşar.

Mundan başga-da, türkmen suwuklandyrylan gazynyň Owganystanyň (Kandagar welaýaty) üsti bilen Pakistana eksport edilmegi Kandagar welaýatynyň ykdysady girdejileriniň artmagyna ýardam eder.Sebäbi üstaşyr söwda ýerli söwdagärler we daşaýjylar üçin girdejili hasaplanýar.

Kandagar strategik taýdan Pakistan bilen serhetde ýerleşýär we Kandagar-Herat we Kandagar-Kwetta awtoulag ýollaryny öz içine alýan birnäçe möhüm ulag ýollarynyň merkezidir.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylda Pakistan Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etmek üçin degişli gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny mälim edipdi.Suwuklandyrylan tebigy gazyň dünýä bazaryna goşulanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, Pakistan gysga wagtyň içinde iri importça öwrüldi.

Içerki gaz ätiýaçlyklarynyň azalmagy hem-de has arassa we arzan elektrik energiýasy önümçiligine geçmek bu ýurdy energiýa gorunyň üstüni suwuklandyrylan tebigy gaz bilen ýetirmäge iterdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäginde YD-nyň täze toplanan 300 nökerine tälim berilýär
Türkmenistan Owganystana iberýän elktrik toguny iki esse gymmatlatdy we togtatdy
Türkmenistan Owganystana elektrik ibermegini bir aý uzaltdy
Hyratda TOPH-a garşy dildüwşen talybanlar ele salyndy
“Talyban” söweşijileri Eýranyň TOPH proýektine bökdenç döredýändigini gürrüň berdi
Ýakynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçiriler