
Şu hepde BMG-niň adam hukuklary toparynyň 134-nji maslahaty başlaýar. Onda raýat we syýasy hukuklar boýunça Halkara paktyň (RSHHP) Türkmenistanda berjaý edilişi boýunça yzygiderli üçünji hasabata hem garalar.
Hasabata garalmagynyň öň ýanynda “Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy” (AHTI-“Türkmenistanyň Hronikasyny” neşir ediji), “Ynsan hukuklary barada Halkara hyzmatdaşlyk” (AHHH) topary 2022-nji ýylyň12-nji martyna bellenen irki prezidentlik saýlawlaryndan soňra repressiw rejiminiň özüniň saýlan mirasdüşeri (ýeke ogluna) geçirilmegine garaşylýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň rejiminiň RSHHP boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmeýändigi bilen ilteşikli esasy meseleler babatda bilelikde hasabat ýaýratdylar.
AHTI-niň we AHHH-niň bilelikdäki hasabatynda Türkmenistanda söz azatlygynyň gödek bozulýandygy, döwletiň KHS-ne berk gözegçilik edýändigi, internet-senzura, jemgyýetçilik rezonansynyň hödürlän meselelerine häkimiýetleriň açyk-aýdyňlygynyň ýokdygy, meselem, Türkmenistanda COVID-19 ýokanjynyň ýokdygy babatda häkimiýetler “aýak diremegini” dowam edýärler.
Şeýlede hasabatda garaşsyz resmi däl guramalaryň, syýasy oppozisiýa partiýalarynyň ýurdyň çäginde öz işlerini arkaýyn alyp barmakdan mahrumdygyna, ýurdyň içindäki we daşyndaky raýat jemgyýetiniň aktiwistlerine garşy yzarlamalaryň artandygynyň habar berilýändigine, seýrek duşýan protestleriň gazaply basylyp ýatyrylýandygyna we beýleki meselelere üns çekilýär.
Bu hasabat “AHTI-niň” ýurdyň içinde işleýän jemgyýetçilik aktiwistleriň goldawy bilen geçiren gözegçiligine, şeýlede ýurtdaky wakalara gözegçilik edýän we olary şöhlelendirýän beýleki garaşsyz guramalaryň maglumatlaryna esaslanýar.
BMG-niň ynsan hukuklary topary Türkmenistandaky ýagdaýlara 24-nji martda garamaga başlar.
Mundan owal sanalar meseleler boýunça topar öz garaýyşlaryny beýän eder, oňa ýurdyň hökümeti jogap berer, şondan soňra BMG-niň topary Türkmenistandaky ýagdaýlar barada “jemleýji bellikler” hökmünde öz maslahatlaryny berer.
“AHTI-AHHH-niň” bilelikdäki hasabatynyň iňlisçesi bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin.The post Türkmenistan: Resmi däl guramalar BMG-niň adam hukuklary toparynyň garamagyna bilelikde hasabat taýýarladylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.