Türkmenistanda söz we ýygnak azatlygy hukuklarynyň bozulýandygy barada AHTI we AHHH bilelikde syn hödürlediler

Türkmenistanda söz we ýygnak azatlygy hukuklarynyň bozulýandygy barada AHTI we AHHH bilelikde syn hödürlediler

Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy (AHTI), (“Türkmenistanyň Hronikasyny” neşir ediji) we adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlyk guramasy (AHHH) 2021-nji ýylyň sentiýabryndan 2022-nji ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistanda söz we ýygnak azatlyklarynyň bozulandygy barasynda bilelikde syn taýýarladylar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Covid-19 ýokanjynyň ýurtda ýokdygyny tekrarlamagyny dowam etdiler, hatda, BSG-niň ýokary derejeli resmisi şol tassyklamany ilkinji gezek jemgyýetçilikde inkär edip, bu ylmy nukdaý nazardan, az mümkin diýipdi.

Şeýlede garaşsyz çeşmeler Covid-19 ýokanjyna meňzeş alamatlar bilen hassahanalaryň müşterilerden dolydygyny habar berdiler.

Lukman Hursanaý Ismatullaýaewa, hak-hukuklary ugrunda göreşmäge başlandan we özüniň işden bikanun çykarylandygy barada çet ýurt KHS-ne maglumat berenden soňra uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Has dogrusy, türkmen hakimiýetleriniň haýyşy bilen Türkiýedäki türkmen aktiwistleri tutuldylar we ýurdyna deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boldylar.

Ýanwar aýynda Gazagystandaky köpçülikleýin protestlerden soňra prezident Berdimuhamedow “Türkmenistanda internete gözegçiligi güýçlendirmegi we Konstitusiýa gurluşa zyýanly materaillary ýaýratýan çeşmeleriň işlerini çäklendirmegi”, şeýlede jemgyýetçilik howpsuzlygyny bozýanlara we köpçülikleýin bidüzgünçiliklere garşy göreşi güýçlendirmegi MHH -niň başlygyna buýrupdy.

Ýurdyň ýaşaýjylary işden çykarylmak,ýeňilliklerden mahrum edilmek we beýleki temmiler’ haýbaty bilen köpçülikleýin çärelere we ýowarlara gatnaşdyryldy. Emma, häkimiýetler şol çärelere gatnaşanlaryň epidemologiýa howpsuzlygyny üpjün etmediler. Hatda, başga halatlarda kowide garşy çäreleri berjaý etmekden boýun gaçyranlara jerime salyndy.

Synyň iňlisçe doly mazmuny we oňa girýän anyk mysallar bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin. The post Türkmenistanda söz we ýygnak azatlygy hukuklarynyň bozulýandygy barada AHTI we AHHH bilelikde syn hödürlediler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlaryny häkimiýetlerden syýasy tussaglary boşatmagy talap etmäge çagyrýarlar
Türkmenistan: Resmi däl guramalar BMG-niň adam hukuklary toparynyň garamagyna bilelikde hasabat taýýarladylar
Duşemowyň ejesi tussag ogluny boşatmaga çalyşýar, jemgyýetde duýgudaşlyk güýçlenýär
Adam hukuklaryny goraýjylar ÝHHG-niň maslahatyndan öň Türkmenistandaky bikanunçylyklara ünsi çekdiler
Halkara guramalary Türkmenistanda ýitirim edilen Galina Kuçerenkonyň ykbalyny mälim etmegi soraýarlar
Tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenko gyzy bilen duşuşmaga rugsat berildi