
Türkmenistanda
1.Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň gadymy Sian şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Hytaý birinji sammitinde eden çykyşynda türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi.
Türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge esaslanan Türkmenistanyň energetika syýasatyny nazara almak bilen, taraplar gyzyklanan halatda biz türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri hem dowam edip bilerdik diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
2. Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Täze ýaşaýyş jaýy Kerwenli dowamat hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Toplumyň çäginde orta mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş zolaklary, metjit, söwda nokatlary, dürli harytlary hödürleýän bazar we beýleki binalar guruldy.
3. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýewe ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ozal Russiýanyň DIM-niň konsullyk departamentiniň direktory bolan 64 ýaşly Iwan Wolynkin bu wezipede Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan
4. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin bilen geljegi uly taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň hem gatnaşan duşuşygy Kazanda açylan Halkara ykdysady forumyň çäklerinde geçirildi. Marat Husnullin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdi.
Dünýäde
5. ABŞ-niň Geologiýa gullugynyň we Rod-Aýlend uniwersitetiniň işgärleri Nýu-Ýorkuň binalarynyň öz agramlary bilen şäheri gark edip biljekdikleri hakynda netijä geldiler. Köp sanly binalaryň agramy bilen Nýu-Ýork şäheri ýylda 1-2 millimetr çökýär, käbir ýerler bolsa ondanam çalt çökýär. Ýerasty suwlary çykarmak we batgalyk ýerleri guratmak boýunça işler ýagdaýy hasam agyrlaşdyrýar.
Sport habarlary
6. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulýew Moskwada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň prezidenti Andreý Filatow we Küşt federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Aleksandr Tkaçýow bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň federasiýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, gürrüňdeşlik Ak ruh (Belaýa Ladýa) we Mekdeplerde küşt taslamalaryny mundan beýläk ilerletmäge gönükdirildi.
7. Ýewropa ligasynyň finalynda Ispaniýanyň Sewilýa topary we Italiýanyň Romasy bilen duşuşar. Ýarymfinal duşuşyklarynda Sewilýa Ýuwentusy ýeňdi, Roma ilkinji duşuşykdaky ýeňşi bilen Baýerden üstün çykdy. Ýewropa ligasynyň finaly 31-nji maýda Budapeştde geçiriler.
8.Halkara futbol federasiýasy 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň nyşanyny tanyşdyrdy.Tanyşdyryş dabarasy Los-Anjelesde geçirildi, oňa FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Ronaldo gatnaşdy.
Taryhda ilkinji gezek nyşanda kubogyň özi we ýaryşyň geçirilýän ýyly ýerleşdirilipdir. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ilkinji gezek birbada üç ýurtda ABŞ-de, Meksikada we Kanadada geçiriler.Ol 39 gün dowam eder.
Toparlar jemi 104 duşuşyk geçirerler.Senenama laýyklykda, 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň finaly 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda, ýekşenbe güni geçiriler.