Türkmenistan TOPH-yň Owganystanda parahatçylyga goltgy berjekdigine ynanýar

“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy Owganystanda parahatçylygy ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe. Bu pikir “Hindistan-Merkezi Aziýa” dialogynyň Owganystanyň gatnaşmagynda Samarkantda geçirilen ilkinji ministrler duşuşygynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow tarapyndan aýdyldy diýip, TASS 13-nji ýanwarda habar berdi.

“TOPH taslamasy Owganystanda durnuklylygy goldamak üçin hakyky predposylkalary döreder, diňe Owganystanyň özünde 12 müň iş ornuny emele getirer, döwlet gaznasyna ýylda 1 milliard dollara golaý girdeji girmegini üpjün eder” diýip, Meredow aýtdy.

13-nji ýanwarda Samarkant duşuşygyna gatnaşyjylar transport we logistika ugrundan hyzmatdaşlyk etmegiň perspektiwaly ugurlaryny, senagat, energetia, saglygy saklaýyş, derman segaty ugurlaryna maýa goýumlaryny çekmegi, innowasiýalar we tehnologiýalar, şeýle-de medeniýet, ylym, bilim we syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Samarkantdaky foruma Hindistanyň daşay syýasat edarasynyň başlygy Suşma Swaraj, Gyrgyzsystandan Çingiz Aýdarbakow, Täjigistandan Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistandan Reşit Meredow, Özbegistandan Abdulaziz Kamilow, Gazagystandan Beýbut Atamkulow, Owganystandan Salahuddin Rabbani gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň baş diplomatlary özara pikir alyşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar
Kim bitarap, kim Russiýanyň tarapynda? Ýyl dowamynda Ukrainadaky uruş barada, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pozisiýasy nähili üýtgedi?
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler
24-26-njy awgustda Pakistanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýar