Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek mejlisine gatnaşar

13-14-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusufyň sözlerine salgylanýan Report.az agentliginiň habaryna görä, mejlise 6 ýurduň — guramany esaslandyryjylar bolan Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň medeniýet ministrleri gatnaşarlar.

Däp bolşy ýaly, mejlisde TÜRKSOÝ tarapyndan ýerine ýetirilen işler ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle-de 2024-nji ýyl üçin öňde duran wezipeler kesgitleniler we degişli çözgütler kabul ediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellendi
9-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Türkmenistanda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi