Türkmenistan uçar kompaniýasy bilet satmak...

Türkmenistan uçar kompaniýasy özüniň resmi saýtynda Aşgabada we beýleki ugurlara biletleri alyp boljak daşary ýurtlardaky edaralarynyň we wekilhanalarynyň täzelenen sanawyny çap etdi.

Täze sanawa laýyklykda Russiýada türkmen howaýollarynyň biletlerini satmak bilen 6 edara meşgullanýar. Olardan 5-si edara Türkiýede hereket edýär, ikisi — Birleşen Arap Emirliklerinde, üçüsi — Gazagystanda, ikisi —Tailandda, şeýle hem Hindistanda, Beýik Britaniýada, Germaniýada we Hytaýda hersinde bir ofis hereket edýär.

Her bir ofisiň salgysy, telefonlary, elektron poçtasy we habarlaşmak üçin beýleki maglumatlary görkezilýär. Hereket edýän ofisleriň tutuş sanawyny şu salgylanmadan görüp bolýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan uçar kompaniýasy Abu-Dabä (BAE), Almaty şäherine (Gazagystan), Pekine (HHR), Delä (Hindistan), Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Russiýa), Londona (Beýik Britaniýa) we Moskwa (Russiýa) halkara ýolagçy uçuşlaryny amala aşyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi, Türkmen howa ýollarynyň uçarlary gyşda haýsy 7 ýurda uçar we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Mart aýynyň ahyrynda Aşgabatdan Delä howa gatnawlary gaýtadan ýola goýlar
Türkmenhowaýollary gyş paslynda 7 ýurda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar