Türkmenistan uşu boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda ilkinji medalyny gazandy

Türkmenistan uşu boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda ilkinji medalyny gazandy

Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Gudrat Öwezgeldiýew ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 56 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda gazandy.

Yklym çempionaty Hytaý Halk Respublikasynyň Makao şäherinde geçirilýär. 14-nji awgustda başlanan çempionat 21-nji awgustda tamamlanar. Yklym çempionatyna 26 döwletden 1000-e golaý türgen gatnaşýar.

Ýeri gelende aýtsak, Aziýanyň çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türgenleri uşu boýunça Aziýanyň çempionatynda üç medal gazandylar
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Uşu boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi
Türkmenistanly uşuçylar Gyrgyzystanyň açyk çempionatynda 18 medal gazandylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY