Türkmenistan we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar

Türkmenistan we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew sişenbe güni Fransiýanyň “Airbus” kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Žak Garrigeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar kosmos ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Airbus” kompaniýasy Türkmenistana Ýeriň üstüne uzak aralykdan gözegçilik etmek hem-de surata düşürmek hyzmatyny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

“Airbus” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk taraplar üçin özboluşly mümkinçilikleri açar. Çünki halkara giňişliginde, şol sanda iň iri kompaniýalar tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistanda kosmos ulgamynyň ösüşine, tehnologiýalar dünýäsiniň gazananlaryna diýseň uly orun berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, “Airbus” kompaniýasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň kosmos ulgamyny ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak islegini tassyklady.

1970-nji ýylda esaslandyrylan “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Blanýak şäherinde ýerleşip, ol dünýädäki iň uly uçar öndürijileriň biri bolup durýar. Kompaniýa ýolagçy, ýük we harby ulag uçarlaryny öndürýär.

Ýene degişli makalalar

Airbus kompaniýasynyň wekilleri bilen kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
“Türkmenaragatnaşyk”, “Thales” we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Airbus Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary hödürleýär
Uçar Tokionyň howa menzilinde gonanda ýandy
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze Boeing uçary bilen ýetirildi
DUBAI AIRSHOW 2023 şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy