Airbus kompaniýasynyň wekilleri bilen kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Airbus kompaniýasynyň wekilleri bilen kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň Fransiýa Respublikasynyň Airbus kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Žak Garrigeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda Airbus kompaniýasy Türkmenistana Ýeriň üstüne uzak aralykdan gözegçilik etmek hem-de surata düşürmek hyzmatyny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirmekde netijeli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Duşuşygyň barşynda Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen Airbus kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de tejribeleri alyşmakda möhüm ädime öwrüler.

Airbus kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk taraplar üçin ajaýyp hem özboluşly mümkinçilikleri açar. Çünki halkara giňişliginde, şol sanda iň iri kompaniýalar tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistanda kosmos ugrunyň ösüşine, tehnologiýalar dünýäsiniň gazananlaryna diýseň uly orun berilýär. Bu hakykat Airbus kompaniýasynyň agzalaryndan ybarat bolan wekiliýet bilen guralan duşuşykda giňişleýin beýanyny tapdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar
Parižde Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
DUBAI AIRSHOW 2023 şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze Boeing uçary bilen ýetirildi
“Türkmenaragatnaşyk”, “Thales” we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Airbus Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary hödürleýär