Türkmenistan we Ermenistan halkara derejesinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Ermenistan halkara derejesinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş boýunça köptaraplaýyn syýasat we hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Dawid Knýazýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň üstünde durup, Ermenistan döwletiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen energetika, ulag pudagyndaky birnäçe BMG-niň Kararnamalaryň, şeýle hem Halkara Bitaraplyk ýylynyň, Halkara Parahatçylyk we Ynam ýylynyň, Durnukly ösüşiň Bütündünýä gününiň yglan edilmegi babatyndaky Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş edendigini bellediler.

Türkmen diplomaty Türkmenistanyň ilçihanasy bilen Ermenistanyň Welotregi hem-de Welosportuň höwesjeňler federasiýasy bilen bilelikde Ýerewan şäherinde her ýyl welosiped sürmek boýunça çäräniň geçirilýändigini belläp, ýylsaýyn bu çärä gatnaşyjylaryň sanynyň artýandygyny nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, M.Aýazow Ermenistan Respublikasyny parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostluk toparyna goşulmaga çagyrdy. Ilçi Dostluk toparynyň BMG-niň howandarlygy astynda jedelleriň öňüni almak, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwer meselelerini çözmek maksady bilen bitaraplyk ýörelgelerini tejribe taýdan ulanmak boýunça giňişleýin köptaraplaýyn gepleşikleriň meýdançasy bolup çykyş edýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 döwletden türgenler gatnaşarlar
Ylhamyň, gözelligiň mekany
Ylhamyň, gözelligiň mekany
3-NJI IÝUN BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI
Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 döwletden türgenler gatnaşarlar
Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidentini kabul etdi