Türkmenistan we Hytaý telekeçiligi goldamak meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Hytaý telekeçiligi goldamak meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň halkara söwdasyny öňe ilerletmek boýunça komitetiniň başlygy Žen Hunbiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar telekeçiligi goldamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

TSSE-niň resmi metbugat gullugynyň anna güni habar bermegine görä, duşuşyk “Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy: gaz ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy” atly ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem halkara sergilere işjeň gatnaşmagyň, täze hyzmatdaşlary çekmegiň we işewür gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşykda özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Efiopiýa kofesini türkmen bazaryna ibermeklik maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Eýran Gürgende türkmen önümleriniň sergisini geçirmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Gruziýa sergileri, biznes forumlaryny guramaga gyzyklanma bildirdiler
Türkmenistan Londondaky täze B2B Exchange platformasynyň üsti bilen Britaniýanyň bazarlaryna çykýar
Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi
Aşgabatda “Türkmenistan BAE” işewürlik maslahaty geçirildi