Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen iş duşuşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 4-nji martda bolan duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan taraplary barada pikir alyşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar parlament wekiliýetlerini alyşmak tejribesini ýola goýmak arkaly parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan ýangyç-energetika toplumy we ösen tehnologiýalar ulgamy barada durlup geçildi.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy möhüm ugur hökmünde kesgitlediler. Şol bir wagtyň özünde bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Italiýanyň we Malaýziýanyň ilçileriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň täze bellenen ilçisi kabul edildi