Türkmenistan we Ýaponiýa bilim pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Ýaponiýanyň Bilim, Medeniýet, Sport, Ylym we Tehnologiýa ministriniň uly orunbasary Ýano Kazuhiko bilen duşuşugy geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda Talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek, türkmen talyplarynyň Ýaponiýanyň MEXT (Monbukagakusho) maksatnamasyna gatnaşygyny artdyrmak, Türkmenistan üçin aýratyn kwota ýa-da ýurt boýunça orunlary döretmek, STEM, inženerçilik, emeli aň we daşky gurşaw boýunça bilim ugurlaryny ösdürmek, Ýapon gaznasy we beýleki guramalar arkaly mugallymlary ibermek, Aşgabatdaky ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili merkezlerini döretmek, okuw kitaplary, sanly serişdeler bilen üpjün etmek we ýerli mugallymlar üçin taýýarlyk maksatnamalaryny guramak, ýapon tehniki bilim modellerini (KOSEN görnüşli kollejler) ornaşdyrmak, “akylly” synp tehnologiýalary, robototehnika we ýaşyl tehnologiýalar boýunça bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy. 2026-njy ýylyň 15-nji maýda Ýaponiýanyň SPRIX Inc.

guramasynyň Halkara müdürliginiň başlygy Shinya Sayu bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly bilim we baha beriş hyzmatlaryny hem-de okuw maksatnamasyny işläp düzmek, Türkmenistanyň bilim ulgamynda TOFAS kämilleşdiriş synagyny girizmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak we emeli aň (AI) ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Robot demirýolçy işe başlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Merkezi Aziýa — Hytaý" sammitindäki çykyşy
Türkmen ýörite gulluklary we DIM-i "Orsýetde saklanan demirýol ketdesini boşatjak bolýar"
Türkmen tarapy Russiýada LSD tabletkalary bilen tutulan resmisini çykarmak üçin 'uly tagalla' edýär
Ankaranyň sudy Alişer Sahatowa halkara goragyny bermekden ýene-de ýüz öwürdi
Ankara kazyýeti Abdylla Orusowa halkara goragynyň berilmezligini tassyk etdi