Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirdi

Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirdi

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

18-nji martda bolan gol çekmek dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Willem wan de Wordyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG ýurtlary boýunça dolandyryjy direktory Mihael Zibert hem gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Belgiýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde Başlyklyk edýär.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
01.11.2017 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary geldi
Iň gymmat goragçy