Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler

Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gol çekmek dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Willem wan de Worde bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG ýurtlary boýunça dolandyryjy direktory Mihael Zibert hem gatnaşdy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Belgiýa Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 18-nji martynda Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň daşary syýasat boýunça esasy geňeşçisi Saýmon Mordýu bilen duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirdi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
01.11.2017 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary geldi
Iň gymmat goragçy