Türkmenistan welosport boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistan welosport boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi welosport klubunyň türgenleri bilen Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysynyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary geçiriler.Halkara sport çäresini guramak bilen bagly taýýarlyk işleri anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen ähli zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Maksatnamada bilelikdäki türgenleşikler bilen bir hatarda, tejribe alyşmaga, türgenleriň hem-de tälimçileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem welosport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ýöriteleşdirilen okuw maslahatlaryny geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny guramak baradaky degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurtda sporty ösdürmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.Döwlet Baştutany Abu-Dabi welosport klubunyň türgenleriniň hem-de Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda Aşgabatda bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçirilmegi halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim bolup, türkmen welosipedçilerine daşary ýurtly kärdeşleriniň tejribesini özleşdirmäge, şeýle hem milli ýygyndynyň halkara ýaryşlaryna taýýarlyk derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan” Dubaý, Abu-Dabi uçuşlarynyň togtadylmagyny 15-nji iýuna çenli uzaltdy
Kreml: ABŞ, Ukraina we Russiýa BAE-de duşuşyk geçirerler
Zelenskiý Abu-Dabide geçirilen gepleşiklerde energiýa meseleleriniň maslahatlaşylandygyny aýtdy
Dubaýda energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Ukraina, Russiýa we ABŞ parahatçylyk gepleşikleri üçin Abu-Dabide duşuşar
Russiýanyň guran hüjümleri Ukrainanyň energetika pudagyna zeper ýetirdi