Türkmenistan wirtual aktiwleri we maýning tehnologiýasy boýunça hukuk binýadyny taýýarlaýar

Türkmenistan wirtual aktiwleri we maýning tehnologiýasy boýunça hukuk binýadyny taýýarlaýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

[...]

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň maslahaty esasynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu resminama ýurdumyzda sanly aktiwleriň bazarynyň ygtybarly esasda hereket etmegi üçin hukuk, tehnologik we guramaçylyk binýadyny kemala getirmegi göz öňünde tutup, bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk çäreleri, olaryň möhletlerini, jogapkär edaralary belleýär. “Ýol kartasynda” halkara tejribäni öwrenmek, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, energetika we aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, synag taslamalaryny geçirmek ýaly ugurlar kesgitlenilýär.

Mundan başga-da, taslamada kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we degişli ugurlarda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýol kartasynyň” taslamasy hem-de ýörite döwlet toparyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

[...]

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Kataryň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýokary derejeli dostluk ordeni bilen sylaglandy
Türkmenistan bilen Eýran sebitara işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy
BMG Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi