Türkmenistan Ýakutiýada geçirilen etnik moda festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan Ýakutiýada geçirilen etnik moda festiwalyna gatnaşdy

Ýakutiýada geçen Etno-Erato etnik moda festiwalyna Gruziýadan, Mongoliýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan we Russiýanyň dürli welaýatlaryndan 200-den gowrak modelýerler gatnaşdy diýip, TASS habarlar gullugy habar berýär.

Bäsleşikler Iň gowy slawýan geýimi, Kawkaz halklarynyň iň gowy geýimi, Iň gowy Gündogar geýimi, Fin-ugor halklarynyň iň gowy geýimi, Demirgazygyň, Sibiriň we Uzak Gündogar halklarynyň iň gowy geýimi, Döwrebap geýimlerde etnik motiwler, Etnik geýimiň gadymylygy, Iň gowy etnik sahna geýimi diýen ýaly ugurlar boýunça geçirildi.

Festiwalda geýimler sahna çykyşlaryndan bölekleri ýerine ýetirmek formatynda tanyşdyryldy. Bellesek, etnik modanyň bu halkara bäsleşigi 2013-nji ýylda geçen Ýewraziýa çäresinde giň gerime eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy
Amurdan Hytaýa köpriniň gurluşygy tamamlandy
Aziýanyň çagalary tamamlandy
Dünýäniň iň sowuk şäheri
Türkmen hokkeýçileri Saraýewodaky deslapky ýaryşda öňde barýar
Daşary ýurt metbugatyna syn