Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy, Aşgabatda türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahaty geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy, Aşgabatda türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahaty geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

2. 27-28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisi we işewürlik maslahaty geçiriler. Çärä nebitgaz pudagyna, dokma we derman senagatyna, oba hojalygyna, azyk we gurluşyk harytlarynyň önümçiligine, gurluşyk, ulag-logistika we maglumat tehnologiýalary ulgamlaryna ýöriteleşen kompaniýalar gatnaşarlar. Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň tekeleçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar.

3. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşyny, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibini tassyklady. Resminama akademiýanyň täze binalar toplumynda professor-mugallymlar, diňleýjiler hem-de talyplar üçin döredilen döwrebap şertlere laýyklykda, okuw we edara ediş işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, degişli ministrlikleriň teklipleri göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.

4.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň çäklerinde Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda aýratyn tapawutlanan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Medeniýet, ylym we tehnika, bilim, terbiýeçilik, sport, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda işjeň çykyş eden Türkmenistanyň ähli sebitlerinden jemi 140 sany ýaş raýatlara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

5. Dünýäniň öňdebaryjy bilim-ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, dekabr aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň arasynda halkara internet olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow hasabat berdi.

6. Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda (ISIF) ilkinji gezek çykyş eden türkmen topary altyn medala we Ýeňijiniň kubogyna mynasyp boldy. Bu ýaşlar forumyna 22 ýurtdan dürli bilim derejeli 800 talyp gatnaşyp, degişli toparlarda çykyş etdiler.

Dünýäde

7. Amerikaly aktýor Bredli Kuper Maestro filmi üçin dirižýorlyk okuwynda özüniň alty ýyl bilim alandygy barada aýtdy. Netijede, aktýor filmiň soňky sahnalarynyň birinde çalynýan alty minutlyk sazy ýazmagy başardy. Men bu sahna üçin örän gorkýardym, sebäbi biz ony janly çalýardyk. Bu London simfoniki orkestri. Meni janly ýazgy edýärdiler. Men olara dirižýorlyk etmeli boldum diýip, aktýor gürrüň berdi.

8. Täze barlaglar ene-atalar bilen telewizora tomaşa etmegiň çagalaryň sowatlylygyny ösdürmek üçin peýdaly bolup biljekdigini ýüze çykardy. Awstraliýaly we daniýaly alymlar enjamlaryň çagalaryň psihikasyna hem-de aňyna edýän täsiri baradaky gözlegleriň netijelerini seljerdiler. Olar diňe telewizora tomaşa etmek çaga üçin zyýanly bolup biler diýen netijä geldiler, ýöne ene-atalar bilen telewizora tomaşa etmek oňyn täsir edýär.

Sport habarlary

9.Türkmen kikboksçysy Yslam Rahmetow ilkinji söweşini 18-nji noýabrda Soçide geçiriljek FKR PRO 7 ýaryşynda professional derejede ilkinji tutluşygyny geçirer.Onuň garşydaşy russiýaly Ruslan Kiselýow bolar.

Rahmetow kikboks boýunça sport ussady, Türkmenistanyň bäş gezek çempiony we 2019-njy ýylyň Dünýä kubogynyň eýesi.Ol gowy tehnika we güýçli urga eýe, bu bolsa oňa ilkinji söweşinde ýeňişe bil baglamaga mümkinçilik berýär.

10. 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň ikinji saýlama tapgyrynyň birinji aýlawynyň duşuşygy geçirildi, onda Eýranyň milli ýygyndysy Gonkongy 4:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňijileriň düzüminde hüjümçi Serdar Azmun dubl bilen tapawutlanmagy başardy. Italiýanyň Roma toparynyň hüjümçisiniň indi milli ýygyndyda 74 oýunda geçiren 49 pökgisi bar. Şeýle hem oýunda Mehdi Taremi we Ramin Rezaýan hersi bir pökgi geçirdiler.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Türkmenistanyň şäherlerinde we etraplarynda 12 häkimlik ýatyryldy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary başlandy, Türkmenistanyň DIM-i Wladimir Makeýiň biwagt aradan çykmagy sebäpli gynanç bildirdi
Eýranyň ýygyndysy soňky minutlarda ýeňşini baýram etdi
Rami Kitaphanasy Dabaraly Ýagdaýda Açyldy
Ýylyň garaşylýan filmleri
ESPN: Biwol ýylyň iň gowy boksçysy