Türkmenistana ünsi çekýän satira gepleşikleri we ýurduň Ginnes "teşneligi"

Türkmenistana ünsi çekýän satira gepleşikleri we ýurduň Ginnes "teşneligi"

Geçen hepde halkara arenasy Türkmenistan bilen bagly wakalara baý boldy. 11-12 nji awgustda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Halkara ykdysady forumy geçirildi.Edil foruma gabatlap, halkara arenasynda Türkmenistan bilen bagly, belki-de ýurduň abraýy üçin örän möhüm başga-da bir waka bolup geçdi. Ýagny, 11-nji awgustda düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän HBO kanalynda efire berilýän Last Week Tonight satira gepleşiginiň meşhur alyp baryjysy, asly britaniýaly ýumorist Jon Oliwer tutuş bir gepleşigini Türkmenistanyň prezidentini ýaňsylamaga bagyşlady.

Onuň öňýany Comedy Central gepleşiginiň asly Günorta Afrikaly şorta alyp baryjysy Trewor Noah The Daily Show programmasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan kinaýaly söz açdy.Geçen hepde türkmen hökümetiniň wagyzçylarynyň ýurtda Günbatara garşy propaganda işlerini alyp barýandygy barada gürrüň eden Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Türkmenistanyň prezidentiniň dünýä belli satira gepleşiklerinde agzalmagy hem-de Türkmenistanyň hökümetiniň Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almaga teşneligi barada gürrüň edilýär.

Biz dünýä belli satira gepleşiklerinde Türkmenistana üns çekilmegi bilen bagly meseläni dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan Dünýä Türkmenleriniň wekilleri bilen gürrüň etdik.Gepleşigimize Norwegiýadan Nazar, Türkiýeden Mähri hem-de Çehiýadan ýazyjy Hudaýberdi Hally interwýu berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen prezidentiniň öz ölümi baradaky gürrüňleri 'ýalana çykaryşy' amerikan satiriginiň 'içini gyrýar'
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
2019: "Türkmenistanda Rowaçlyk ýylynyň" esasy wakalary
Dünýä belli satira gepleşikleri Berdimuhamedow baradaky degişmelere dowam edýär bu sapar Jon Oliwer çykyş etdi
Berdimuhamedow atlar bilen didarlaşýar. Metbugat ösüşleri’ wasp edip, krizisi’ agzamaýar
Türkmen mediasynyň propaganda tärleri