Türkmenistanda 1-nji synp okuwçy üçin mekdep harytlarynyň toplumynyň bahasy näçe, Demirgazyk Günorta ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri boýunça wekiliýet Aşgabatdan Astrahan oblastyna ugrar, Türkmenistan BMG-syna parahatçylyk hem-de howpsuzlyk boçun

Türkmenistanda 1-nji synp okuwçy üçin mekdep harytlarynyň toplumynyň bahasy näçe, Demirgazyk  Günorta ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri boýunça wekiliýet Aşgabatdan Astrahan oblastyna ugrar, Türkmenistan BMG-syna parahatçylyk hem-de howpsuzlyk boçun

1. Türkmen 1-nji synp okuwçysy üçin mekdep harytlarynyň toplumynyň ortaça bahasy hasaplandy. Oglanjyklar üçin toplumyň ortaça bahasy 510 manat, gyzjagazlaryňky bolsa 480 manada golaý. Häzirki wagtda Türkmenistanda 410 sany mekdep bazary hereket edip, olarda söwda 4-5-nji sentýabra çenli dowam eder.

2. Şu hepde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçy düzümleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatdan Astrahana barar. Saparyň dowamynda ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Astrahan oblasty Demirgazyk Günorta ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri boýunça Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklamaga taýýardyr.

3.Sentýabrda geçiriljek BMG-niň Baş Assambelýasynyň 77-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen pugta we uzakmöhletleýin parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça üç sany rezolýusiýanyň kabul edilmegine garaşylýar.

Baş Assambelýanyň öňde boljak sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň işiniň esasy ugry pugta we uzakmöhletleýin ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşi üpjün edilmegi hem-de saklanylmagy bolar. 4.Režissýor Sahysalyh Baýramowyň Gyzyl kürte atly türkmen filmi Ýekaterinburgda geçirilen Одна шестая (Altynyň biri) atly ilkinji düşürilen kinolaryň festiwalynda iň üýtgeşik film hökmünde saýlanyldy.

Film dört aýyň dowamynda 50 gradus yssy howada surata düşürildi.Surata düşürmek işleri türkmen obasynda geçirildi.Filmde baş gahryman Göwheriň keşbini Aýna Jumaýewa janlandyrdy. 5.Russiýaly deputat Pawel Krupnik ýurduň ähli mekdeplerini bäş günlük okuw hepdesine tapgyrlaýyn geçirmek teklibini öňe sürdi.

Onuň pikiriçe, alty günlük tertip okuwçylara we olaryň ene-atalaryna agyr degýär. Çagalar dynç almaga we ene-atalary bilen ýeterlik wagt geçirmäge ýetişenoklar. 6.Ajaýyp asyr köpbölümli filmde soltan Süleýmanyň keşbini janlandyran meşhur türk aktýory Halit ergenç öz gahrymanyna düşünmändigini boýun aldy. 2014-nji ýylda tamamlanan köpbölümli filmdäki keşbi Ergenji dünýä derejesindäki ýyldyza öwürdi we iň ýokary tölegli türk aktýorlarynyň hataryna çykardy. 7.

Saud Arabystanynyň asmanyndan meteorit uçup geçdi.Jemgyýetçilik torlarynda asman jisminiň uçuş geçişi bilen bagly bu waka şaýat bolanlaryň düşüren şekilleri peýda boldy. 8.Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Duşanbede geçirilýän Billi Jin Kingiň tennis Kubogynyň Aziýanyň we Okeaniýanyň II zolagy toparynyň saýlama tapgyr duşuşygynda Täjigistanyň toparyndan üstün çykdy.

Türkmen zenan tennisçileri garşydaşlaryny iki sany ýekeleýin duşuşykda hem, jemleýji ikileýin duşuşykda hem ýeňmegi başardylar. 9.Traktor Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji utugyny gazandy.Topar futbol boýunça Eýranyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynda öz meýdançasynda Zob Ahan bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. 10.

Aşgabatda Dota2 boýunça milli saýlama çempionat tamamlandy, onuň dowamynda 14th IeSF World Esports Championships 2022 dünýä çempionatyna Türkmenistanyň adyndan gatnaşyjy mälim boldy.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýewiň ilkinji oýnunyň güni belli boldy
Traktor Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji oýnuny 22-nji awgustda geçirer
Lamborghini-niň esaslandyryjysy Awtoulag şöhrat zalyna girizildi
Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň Traktora bellenmegindäki orny barada gürrüň berdi
Türkmenistan Belarusiýadan we Türkiýeden öz raýatlaryny alyp gaýtmagy meýilleşdirýär, bilim hakynda resminamalary tassyklatmak üçin kabul ediş nokadynyň salgysy üýtgedildi, Türkmenawtoulaglary agentligi IT tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaş gözleýär
Türkmenistanda agyz suwunyň uly ýatagy tapyldy, ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik başlandy, Aşgabatdan Moskwa ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy: geçen günleriň esasy wakalary