Türkmenistanda 14-nji fewralda saýlaw möwsümi başlanýar

Türkmenistanda 14-nji fewralda saýlaw möwsümi başlanýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ýurduň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy möhletinden öň saýlawlary geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär.

Mejlisiň dowamynda saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasy tassyklanyldy.Habar berlişi ýaly, saýlawlaryň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň milli synçylary bilen birlikde halkara bilermenler we synçylar hem syn ederler.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere şu gün badalga berildi. 14-nji fewraldan bolsa syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçiler toparlary ýokary döwlet wezipesine özleriniň dalaşgärlerini hödürlemek boýunça ýygnaklary geçirip başlarlar.

Türkmenportal habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, 12-nji martda Türkmenistanda möhletinden öňki Prezident saýlawlary geçiriler.Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda möhletinden öňki saýlawlary geçirmek we döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek, özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigi baradaky başlangyjy 11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe sürüpdi.

Şeýle-de okaň!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenýär, prezident Moskwada harby parada gatnaşýar
Türkmenistanda çagalar mekdebe ýazylýar, Lebapda mekdepler alty ýaşly çagalary 'gözleýär'
Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürmegi başardy
3-nji iýunda weloýöriş mahalynda Aşgabatda haýsy köçeleriň ýapyljakdygy belli boldy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen telefonda gürleşendigi aýdylýar
Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparyny tamamlady, Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy, Türkmenportal ykjam programmasynyň täzelenen görnüşi çykdy we beýleki habarlar
Türkmen metbugaty ýurtdan gidýänleri agzaman, tölegli 'iş tapyjylary' wagyz edýär