Türkmenistanda Abu-Dabi we Stambula ýük howa gatnawy gaýtadan ýola goýuldy

Türkmenistanda Abu-Dabi we Stambula ýük howa gatnawy gaýtadan ýola goýuldy

Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýük terminaly howa ýük gatnawynyň täzeden başlandygyny habar berýär.

2021-ni ýylyň 15-nji, şeýle hem 25-nji fewralynda ýükler IL-76 tarapyndan Aşgabat — Abu-Dabi — Türkmenabat ugry boýunça iberiler.

Gyzyklanýanlar aşakdaky görkezilen ýük nyrhlary boýunça haryt iberip bilerler:

Ýük terminaly Türkmenistan — Abu-Dabi ýoly üçin tölegiň Türkmenistan Merkezi bankynyň 1 ABŞ dollary = 3.50 TMM bahasy bilen, türkmen manatlarynda tölenýändigini ýatladýar.

2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda ýükler IL-76 uçary bilen Aşgabat — Stambul — Türkmenabat ugruna iberiler.

Gyzyklanýanlar aşakdaky görkezilen ýük nyrhlary boýunça haryt iberip bilerler:

Ýük terminaly Türkmenistan — Abu-Dabi ýoly üçin tölegiň Türkmenistan Merkezi bankynyň 1 ABŞ dollary = 3.50 TMM bahasy bilen, türkmen manatlarynda tölenýändigini ýatladýar.

Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýük terminaly sebitdäki häzirki zaman ýerüsti gurluşdyr. Olaryň hödürleýän hyzmatlarynyň giň toplumy halkara ülňülerine laýyk gelýär. Terminalyň ammarlary ýylda 200 müň tonna ýük daşamak üçin niýetlenendir.

Ýük terminaly gije-gündiziň dowamynda işleýär.

Habaralaşmak üçin telefon belgileri:

+ 993 12 23-45-92;

+ 993 65 04-26-56.

Elektron salgysy:

asb.airport.cargo@online.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistan we BAE durnukly suw çözgütlerini işläp düzmek boýunça gepleşikler geçirýär
Fedor Konýuhow düýeli syýahata ugrady
12-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Resmi habarlar
Türkmenistanyň daşary işler ministri BAE-de birnäçe duşuşyklary geçirdi